- barmak
- 1işlikAnatomiýa Penjäniň ýa-da daraklygyň aýry-aýry bogunlu bölekleri, el-aýagyň gutarýan ujy.∙ Eliniň başam barmagy bilen dügmäni basdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ol barmagyň hünärli köp zatlary döredýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Başam barmak baş getir. (Sanawaç)∙ Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyn dişlär. (Nakyl)∙ Bal tutan barmagyny ýalar. (Nakyl)◊ barmak dişlemek1) Geň galmak, haýran bolmak;.2) Eden işiňe ökünmek.◊ bäş barmagyň ýaly bilmek — Örän gowy bilmek.∙ Ol maşynyň ähli böleklerini bäş barmagy ýaly bilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2işlik1) Bir ýere ýa-da biriniň ýanyna gelmek, gitmek, ýetmek.∙ Siz ýoldaşyňyzyň ýanyna barmak isleýärsiňizmi? Myhman ýerime bardym-da, iş oňarmaýanlygymy aýtdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül okaram. (Sanawaç)2) Belli bir derejede, depginde öňe hereket etmek, gitmek.∙ Bularyň döwek işleri şowly barýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)3) Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde ýakynlaşmagy görkezýär.4) Alyp barmak, bolup bolmak, ýakyp barmak, ýetip barmak we ş. m.◊ baryp ýatan — Iň gowy ýa-da iň erbet, aňrybaşy.◊ etek alty ýeň ýedi bolup barmak — Hasanaklap barmak, alakjap barmak.◊ hak öýüne barmak — Gurban bolmak, ölmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.